Aşgabatda iş orunlary ýarmarkasy geçirilýär

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 09-njy awgustynda Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara-binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändiklerini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Habarlaşmak üçin biziň salgymyz we telefonlarymyz:


Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi
Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy tel: 92-14-56
Bagtyýarlyk etraby Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy tel: 37-46-68
Berkararlyk etraby Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy tel: 37-46-67
Büzmeýin etraby Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy tel: 33-12-69
Köpetdag etraby Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy tel: 92-15-26
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy
Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýy tel: 22-74-07


InAshgabat News

10 Блог пост

Комментарии